Çaganyň sagdyn we beden taýdan dogry ösüşi üçin berilýän iýmitiň düzümi hem-de hili örän möhümdir. Şonuň üçin hem çaga iýmit önümlerine döwlet derejesinde ýörite talaplar bildirilýär. Bu talaplar çagalaryň fiziologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň saglygyny goramagy, howpsuzlygyny üpjün etmegi we hil taýdan doly üpjün etmegi
maksat edinýär.
Çaga iýmit önümlerine bildirilen talaplaryň baş maksady çaganyň ösüp-ulalmagy üçin zerur bolan ähli iýmit elementlerini (belok, ýag, witamin, mineral we ş.m.) üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde-de howply himiki, biologik ýa-da tebigy taýdan zyýanly maddalaryň bolmazlygyny kepillendirmekdir.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli saglyk syýasaty ilatyň, aýratyn-da çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Sagdyn nesli kemala getirmekde ýokary hilli we howpsuz çaga iýmitleriniň öndürilişi möhüm orun eýeleýär. Arkadag şäherinde döredilen Saglyk Klasteri ýurdumyzyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini has-da giňeldip, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hil taýdan ygtybarly önümleriň öndürilmegini üpjün edýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda innowasiýalar we sanly çözgütler ulanyldy. Şäherde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze öndürijilik kuwwatyny emele getirip, lukmançylyk, iýmit we sanitariýa önümleriniň milli önümçiligini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Klasteriň önümçilik desgalary häzirki zaman tehnologiýalary, ýokary arassalyk şertleri hem-de halkara standartlaryna laýyk gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa önümleriň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm şert bolup hyzmat edýär. Bu çaga iýmitleriniň düzümi witaminler we makro-mikro elementler bilen baýlaşdyrylan bolup, olaryň sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmekde orny örän uludyr. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bilen satyn alynýar. Bu bolsa, türkmen önümçiliginiň ýokary hili we dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplydygy barada aýdyň subutnamadyr.
Çaga iýmitleriniň öndürilişinde halkara standartlaryna laýyklykda birnäçe basgançaklaýyn barlag ulgamy hereket edýär. Önümleriň her tapgyry bakteriologik, mikrobiologik we himiki synaglardan geçirilýär. Şeýle-de allergik howpy azaltmak maksady bilen ýörite lukmançylyk barlaglary ýerine ýetirilýär.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän çaga iýmitleri döwletimiziň sagdyn we beden taýdan berk nesli kemala getirmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Önümleriň ýokary hili, halkara ölçeglerine laýyklygy we ygtybarlylygy Türkmenistanyň häzirki zaman önümçilik kuwwatynyň ösüşi hem-de ýaş nesliň saglygyna goýulýan uly ünsüň aýdyň beýany bolup durýar.
Çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar – jemgyýetiň iň wajyp bölegi bolan çagalaryň saglygyny goramak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu talaplar diňe tehniki mesele bolman, eýsem, jemgyýetiň sagdyn geljegini üpjün edýän ýörelge hökmünde kabul edilmelidir.
Bahargül ANNALYÝEWA,
Kaka etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň
arassaçylyk-gigiýena bölüminiň sanitariýa lukmany.
PDF









