“Milanyň” rowaýaty ýyldyzy Paolo Maldini karýerasyny diňe bir klubda geçiren bolsa, munuň tersine ogly Daniel Maldini entek 25 ýaşyna-da ýetmänkä, eýýäm 6-njy kluby bilen şertnama baglaşdy. 2024-nji ýylyň tomsunda “Atalanta” transfer bolan Daniel Maldinini bergamolylar paýtagtyň “Lasio” toparyna kärendesine ugratdylar. 24 ýaşyndaky Maldini “Atalantada” 22 oýunda 3 gol geçirdi. Ol “Lasioda 27-nji belgili köýnekçäni geýer. Kakasy ýaly “Milanda” futbola başlan Daniel Maldini bu klubda 3 möwsümde 24 duşuşyk geçirdi. “Milan” ony “Spesiýa”, “Empoli” klublaryna kärendesine ugratdy. “Monza” toparynda-da 1,5 möwsüm oýnan Daniel Maldininiň Italiýanyň milli ýygyndysy bilenem 6 duşuşygy bar.