9-njy martda Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mark Karni, dolandyryjy Liberal partiýanyň täze başlygy wezipesine saýlandy we ýakyn wagtda ýurduň täze Premýer-ministri bolar. Karni Liberal partiýanyň başlyklygy üçin geçirilen ses berişligiň birinji tapgyrynda 85,9 göterim ses alyp, uly aratapawut bilen ýeňiji boldy.
Mark Karni 2008-nji ýyldaky maliýe çökgünliginde Kanadanyň ykdysadyýetini halas eden zehinli ykdysatçy hökmünde tanalýar. Bu wezipedäki hyzmatlary soňra oňa Angliýa bankynyň başlygy bolmaga mümkinçilik berdi. Ol bu wezipede 2020-nji ýyla çenli işledi, soňra BMG-niň Howanyň üýtgemegi we maliýe boýunça ýörite wekili wezipesine bellendi.
Jastin Trýudo ozal Premýer-ministr wezipesinden çekilmek meýilnamasyny yglan edipdi. Syýasatçy 10 ýyllap hökümet Başlygy wezipesini ýerine ýetirdi. Bilermenler Karniniň dalaşgärliginiň we maliýe çökgünligini çözmekde gazanan üstünlikleriniň şu ýylyň 20-nji oktýabryndan öň geçiriljek parlament saýlawlarynda saýlawçylar tarapyndan goldanyp bilinjekdigini aýdýarlar. Öňki Premýer-ministriň orunbasary, Trýudonyň hökümetinde maliýe ministri bolup işlän Hristiýa Friland bolsa, Karni bilen ýaryşda ýeňildi.
Şu ýylyň başynda Jastin Trýudo Kanadanyň dolandyryjy Liberal partiýasynyň başlygy we Premýer-ministr wezipesinden çekiljekdigini, ýöne diňe täze liberal lider saýlanandan soň işinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol 2015-nji ýyldan bäri hökümet Başlygy wezipesini eýeläp gelýärdi.