Kanadanyň Hökümet başlygy Mark Karni Hytaýda saparda bolup, ýurduň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşykdan soňra Karni iki ýurduň arasynda söwda, energiýa, oba hojalygy, deňiz önümleri we ikitaraplaýyn bähbitli bolup biljek beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyklaryň hem-de täze strategik hyzmatdaşlygyň üstünde işleýändiklerini aýtdy.
Geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda gümrük paçlary hem ýeňilleşdirildi. Kanada 2024-nji ýylda Hytaýdan import edilýän elektroulaglara girizen 100 göterimlik goşmaça gümrük salgydyny aýrar. Munuň ýerine her ýylda 49 müňe çenli elektroulaga 6,1 gümrük salgydy girizer. Hytaý bolsa, mundan ozal bu ýurtdan import edýän kolza (raps) ýagy, künjarasy we çigidine girizilen 100 göterim gümrük pajyny mart aýyndan başlap, 15 göterime düşürer.
Kanadada mundan ozalky Premýer-ministr Jastin Trýudonyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýanyň kararlary bilen ugurdaşlykda, Hytaýdan import edilýän elektroulaglara 100, alýumin we polat önümlerine 25 göterim gümrük salgydyny girizipdi.
Hytaý bolsa, bu ýurtdan import edýän käbir oba hojalyk we deňiz önümlerine goşmaça salgyt girizipdi.
PDF









