Kanunçylyk we hukuk – döwletiň düzgünli, adalatly we durnukly işlemegini üpjün edýän möhüm jemgyýetçilik institutlarynyň biridir. Hukuk jemgyýetde gatnaşyklar üçin kadalary döredýär, kanunçylyk bolsa şol hukuk kadalarynyň düzgün görnüşde binýadyny belleýär. Döwletiň dolandyryşynda, raýatlaryň hukuklaryny goramakda we jemgyýetdäki tertip-düzgüni saklamakda kanun we hukuk has-da ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem her bir döwletiň ösüş strategiýasynda kämil kanunçylyk ulgamy möhüm orun eýeleýär.
Hukuk – jemgyýetdäki gatnaşyklaryň çaltlanmagyny üpjün edýän döwlet tarapyndan kabul edilen umumy hökmany kadalar ulgamydyr. Kanunçylyk – hukuk kadalarynyň döredilmegi, kabul edilmegi, kämilleşdirilmegi we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly dolandyryş ulgamydyr.
Kanunçylyk ulgamy diňe döwlet edaralary üçin däl, eýsem, raýatlar üçin hem ulanylýan giň ulgamdyr. Şonuň bilen bir hatarda: raýatlaryň hukuk taýdan habardar bolmagy, döwlet bilen jemgyýetiň arasynda ynamly gatnaşyklaryň döredilmegi kanunçylygyň abraýyny we netijeliligini artdyrýar.
Hukuk medeniýeti raýatlaryň kanunlary bilmegi, olara hormat goýmagy we kanunyň çäklerinde ýaşamak endiklerini özünde jemleýän düşünjedir.
Kanunçylyk we hukuk döwletiň binýadyny emele getirýän iň möhüm jemgyýetçilik institutlarynyň biridir. Olar jemgyýetde tertibi, adalaty, howpsuzlygy we raýatlaryň hukuklaryny üpjün edýär. Kämil hukuk kadalary we döwrüň talaplaryna laýyk kanunçylyk ulgamy döwletimiziň durnukly ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň möhüm şertidir. Şeýle-de hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi jemgyýetde ynamly we adalatly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär.
Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
PDF








