31-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.