Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da öňdebaryjy “Milan” kembek bilen ýeňiş gazanyp, liderligini saklamagy başardy. 14-nji tapgyryň jemleýji oýnunda, myhmançylykda “Torino” bilen duşuşan rossonerililer eýýäm 17 minutda derwezelerinden 2 gol geçirtdiler. Gollary 10-njy minutda Wlaşiç, 17-nji minutda-da Zapata geçirdi. Çempionatda 13 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Milan” 1-nji ýarym tamamlanmanka geçirden gollarynyň biriniň öwezini dolmagy başardy. Bu goly 24-nji minutda Rabio uzak aralykdan owadan urgy bilen öz adyna ýazdyrdy. 2-nji ýarymda başgaça oýun  görkezen “Milanda” 66-njy minutda Pulişiç oýna girip, ol 67-nji minutda topy ilkinji galtaşmasynda tapawutlanyp, hasaby deňledi. Amerikaly ýyldyz oýunçy 77-nji minutda ýene bir gol geçirip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Milan” soňky çempion “Napoli” bilen deň utukda bolup, birinjiligini saklamagyň hötdesinden geldi.

14-nji tapgyryň merkezi oýnunda “Napoli” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” Rasmus Heýlunnyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Turinlilerde Kenan Ýyldyzyň goly ýeňşe ýetmedi.

Şeýle-de, “Inter” topary öz meýdançasynda “Komo” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykdy. Gollary Lautara Martines, Markus Turam, Hakan Çalhanoglu hem-de Karlos Augusto geçirdi.

“Kaliariden” 1-0 (Gaetano 82) hasabynda asgyn gelen “Roma” topary bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

“Sassuolodan” 3-1 hasabynda utulan “Fiorentina” toparynyň entegem ýeňşi ýok.

14-nji tapgyryň netijeleri:

Sassuolo – Fiorentina: 3-1

Inter – Komo: 4-0

Werona – Atalanta: 3-1

Kremoneze – Leççe: 2-0

Kaliari – Roma: 1-0

Lasio – Bolonýa: 1-1

Napoli – Ýuwentus: 2-1

Pisa – Parma: 0-1

Udineze – Jenoa: 1-2

Torino – Milan: 2-3