8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Sebitiň çäginde ýerleşýän “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň, nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak babatda işler depginli alnyp barylýar. Bulardan başga-da, türkmen geologlary we nebitgazçylary tarapyndan welaýatyň çäginde ýerleşýän nebitgaz känlerinde gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek, senagat taýdan özleşdirmek işi ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem iri önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde geologiýa-gözleg işlerini netijeli alyp barmagyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.