14-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmeginden öň Türkmenistanyň Energetika ministri hem-de Owganystanyň suw we energetika meseleleriniň sazlaşdyrylmagy boýunça müdirliginiň Baş direktory Han Mohammad Takal dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylara bu desganyň gurluşygynyň barşy hakynda gürrüň berdiler hem-de onuň işe girizilmäge taýýarlygy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berenlerinden soňra,  çärä gatnaşyjylar monitorda elektrik geçirijisine güýjenmäniň berilmeginiň tehnologiki görnüşine tomaşa etdiler.

Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň uzynlygy 153 kilometre we kuwwaty 500 kW barabar bolup, ol «Тürkmenistan – Owganystan – Pakistan» elektrik geçiriji ulgamynyň bir bölegini düzýändir hem-de üç ýurduň arasynda elektrik energiýasynyň eksport we import edilmegi üçin zerur infrastrukturalaryň döredilmegine gönükdirilendir. Şunlukda Türkmenistanyň elektrik energiýasy Owganystanyň birnäçe şäherlerine, hususan-da Mazari-Şarif şäherine, soňralygy bilen hem Pakistanyň şäherlerine ugradylar.