Tropik howa şertlerinde ösýän Günbatar anakardium (anakardium oksidentale) agajynyň miwesine keşýu diýilýär. Ata Watany Braziliýa hasaplanýan bu miwe armyt görnüşli içi suwly bölekden, ortasyndaky etli bölekden we aşagynda sallanyp duran egrije maňyzdan ybarat. Boýy 12 metre çenli ýetýän Günbatar anakardium agajy Braziliýada, Hindistanda, Afrikada we Günorta-Gündogar Aziýada ösýär. Günbatar anakardiumyň miwesi açyk gyzyl ýa-da sary reňkde bolýar. Miwäniň daşky bölegi örän ýumşak we etli bolup, hoşboý tagamy bar. Keşýunyň armyt görnüşli böleginden şire, jem we marmelad taýýarlanýar.
Keşýunyň iň ýokumly we tagamly bölegi ilgençek görnüşli maňzy hasaplanýar. Miwäniň maňzyna başgaça, «keşýu maňzy» hem diýilýär. Keşýu maňzy guradylandan we gowrulandan soň iýmäge ýaramly bolýar. Egrije maňzy göni iýmek zyýanly hasaplanýar. Sebäbi onda zäherli maddalar we derini gyjyndyrýan kislota bolup biler. Bu maddalar gowrulyp gaýtadan işlenende maňzyň düzüminden aýrylýar.
Keşýu saglyk üçin peýdaly miweleriň biri hasaplanýar. Onda immuniteti berkidýän we zyýanly täsirlere garşy göreşýän C witamini bar. Bu miwe antioksidantlara, minerallara we iýmit süýümine baýdyr. Keşýu iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdalydyr. Keşýu ýolnandan soň armyt görnüşli ýumşak bölegini derrew iýmeli. Sebäbi miwe çalt zaýalanýar. Maňzyny bolsa, toplap kölegede guratmaly we soňra duz bilen gowurmaly. Keşýu önümçiliginde Braziliýa, Hindistan, Wýetnam we Burkina-Faso ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Dünýäde her ýyl 4 million tonna töweregi keşýu maňzy öndürilýär.