9-njy oktýabrda Koreýa Halk-demokratik Respublikasynda “1-nji maý stadionynda” Koreýanyň Işçiler partiýasynyň (KIP) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Koreýanyň Merkezi habar gullugy (KCNA) habar berdi.
Koreýanyň Işçiler partiýasynyň Baş sekretary we KHDR-nyň Döwlet işleri başlygy Kim Çen Yn çykyş etdi. Bu çärä daşary ýurt partiýalarynyň we hökümetleriň wekiliýetleri hem gatnaşdy. Kim Çen Yn öz çykyşynda partiýanyň ösüşiniň taryhyny we onuň ýurduň ynkylabyndaky esasy ähmiýeti barada gürrüň berdi.
-Juçhe ideýasynyň baýdagy astynda dürli tapgyrlarda jemgyýetçilik özgertmelerini üstünlikli amala aşyran KIP, sosialistik ideýalary we ideallary hemmetaraplaýyn özünde jemleýän we garaşsyzlygyň we adalatyň halkara işiniň ösmegine möhüm goşant goşan güýçli halk ýurduny gurdy – diýip belledi.
Kim Çen Ynyň pikiriçe, ähli agyr synaglara garamazdan, KIP garaşsyzlyk we sosializm baýdagyny tutanýerlilik we buýsanç bilen göterýär. Sosialistik güýçleriň berk goldawçysy we garaşsyzlygyň we adalatyň daýanjy hökmünde KHDR-iň halkara abraýy artmagyny dowam etdirýär.
Ol Demirgazyk Koreýanyň halky bilen ýurdy has baý we owadan sosialistik döwlete öwürmek üçin işlejekdigini aýtdy.