1895-nji ýylyň 20-nji iýunynda Germaniýada Kilsk kanaly ulanmaga berilýär. Bu kanal Baltika we Demirgazyk deňzini birleşdirýän Ýewropadaky iň uly gämi gatnaýan geçelgeleriň biridir. Kanalyň uzynlygy 98 kilometre, ini 102 metre, çuňlugy 11,3 metre deň. Gurluşygy 8 ýyl dowam eden bu kanal Ýutlandiýa ýarym adasynyň töwereginden geçmek bilen deňeşdirilende, takmynan, 519 kilometr gysgadyr.