Durmuş ýolumyzda bir zat bir zada sebäp bolýar. Meniň kitaba bolan höwesimi döreden çagalaryň söýgüli şahyry, ýazyjy we dramaturg Hemra Şirowyň «Saýlanan eserler» atly kitaby boldy. Hemra Şirowyň hiç kimiňkä meňzemeýän edebi stili bar, onuň eserleri juda gyzykly bolup, çaga psihologiýasyna juda beletlik bilen aralaşyp, körpeleriň dünýäsine aýdyň ýol açmagy başaryp, çagalarda kitaba bolan höwesi döredip bilýär.
Ol wagtlar ikinji ýa-da üçünji synpda okaýardym, synpymyzdaky gyzlar bilen mekdebimiziň ýanyndaky söwda dükanyna bardyk. Görsek içi okuw esbaplardan, tekjeleri bolsa özüne çekiji dürli-dürli owadan suratlar bilen bezelen kitaplardan doldurylan dükan. Her kim başagaý – kim ruçka alýar, kim depder, bozguç, galam – aý, garaz, her kim özüne gerekli zatlaryny alyp başagaý bolup ýör. Menem gerekli zatlarymy alyp, aýlanyp ýörşüme kitaply tekjäniň üstünde duran daşky bezegi özüne çekiji kitaba gözüm düşdi. Elime alyp açyp görsem, içi ertekiden doly, her ertekiniň gapdalynda özüne mahsus görnüşde çekilen suratlar bardy. Meni ilkinji özüne çekenem, kitaba bolan söýgi döredenem şol içi suratly ertekili Hemra Şirowyň «Saýlanan eserler» kitaby boldy. Häli-häzirem kitaply tekjämde duran şol kitaba gözüm düşse çagalyk ýyllaryma dolananymy duýman galýaryn. Şol kitaby okanymdan soň kitaba bolan höwesim artyp, kitap bilen dostlaşanymy duýman galdym.
Aslynda, kitap okamak wagtyňy gyzykly geçirmäge, özüňi ýalňyz duýmazlyga, çalt pikirlenmäge we kyn ýagdaýlarda dogry netijä gelmäge, döredijiligimizi artdyrmaga, durmuşy söýmäge kömek edýär. Ýazyjy-şahyrlar bir kitap ýazyp bilmek üçin ýyllarboýy yzygiderli okaýarlar, köp ýyllaryň dowamynda gazanan tejribelerini ulanýarlar. Islendik kitaby, çagalar üçin ýazylan kitaplary hem ýazyp, halk köpçüligine ýetirmek üçin köp zähmet çekilýär. Ýazyjy bolmagyň iň kyn ýeri hem okyjylara kitapda beýan edilen duýgyny berip bilmekdir.
Amerikan ýazyjysy William Styronyň belleýşi ýaly, «Okaýarkak birnäçe durmuşda ýaşap bileris». Kitap bilermenleri birinji sahypadan okap başlamazlygy, ilki bilen kitabyň gurluşy bilen tanyş bolmagy, kitapdaky bölümleri öwrenmegi, her bölümiň gysgaça mazmunyny okamagy we şondan soň ýazyjynyň kitabyň bibliografiýasynda nämäni göz öňünde tutýandygyna üns bermelidigini maslahat berýärler. Gyzykly kitaplary okanymyzda awtordan täze zatlary öwrenip, kitabyň gahrymanlary bilen tanşyp, soňuna ýetmäge howlugýarsyň. Şeýlelikde, awtor bilen okyjynyň arasynda baglanyşyk döräp başlaýar. Her adamyň halaýan awtory ýa-da gyzyklanýan kitabynyň görnüşi bar. Käbirleri nusgawy kitaplary ýa-da taryhy, ylmy, filosofik kitaplary okamagy gowy görýär, käbirleri söýgi hakynda ýazylan kitaplary ýa-da hyýaly kitaplary okamagy halaýar. Adam kitap okamak arkaly barha kämilleşýär, dünýä akyl ýetirişi güýçlenýär, dünýägaraýşy giňeýär, gepi-sözi saýhallaşýar. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesidir. Kitabyň peýdasynyň beýik söz ussatlarynyň, meşhur şahsyýetleriň durmuşynda nähili ornunyň bardygyna ser salsak, sport bilen sungatyň, edebiýatyň bir adamyň kalbynda şeýle kämil derejede orun almagy seýrek duş gelýän ýagdaý. Şol aýratynlyklara eýe bolan meşhur Arnold Şwarsneggerden munuň üçin nämäniň zerurdygy barada soranlarynda, ol: «Işjanlylyk, özüňden talapkärlik» diýip jogap beripdir. «Zehin näme?» diýip, berlen sowala bolsa ol: «Zehiniň ýok ýerinde bu ýollaryň hiç birine-de düşüp bolmaýar. Siziň gürrüňini etjek bolýanyňyz ýol däl-de, ýoda düşüp, şondan aňryk geçibilmeýänlerdir» diýip jogap beripdir. Şeýle-de ol: «Sport bilen edebiýatdyr sungatyň arasynda umumylyk kän. Olaryň üçüsinde-de iň esasy üstünlik getirýän zat – tertip-düzgün hem zähmetsöýerlik. Şolaryň bolmadyk ýerinde adam hiç bir işde-de üstünlik gazanyp bilmez» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýlişi ýaly, kitap ynsanyň ýakyn dosty, her bir işde üstünlige barýan ýoluň ýol görkezjisidir. Näçe köp okadygyňça, üstünlige ädimme-ädim ýakynlaşýarsyň. Ilýa Erenburg «Kitap adamlary özgerdýär, bu bolsa uzak hem göze ilmeýän hadysadyr» diýýär. Okalýan kitaplar bize durmuşyň kyn pursatlarynda baş alyp çykmagy, ömür ýoluňda pähim-paýhasa eýerip, diňe dogry ýoldan ýöremegi öwredýär. Şeýle kitaplary bize peşgeş goýan ýazyjy-şahyrlarymyza minetdarlygymyň çägi ýok.
Hurmagül Annagurbanowa,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy, tälimçi-mugallym.