Kitap okamak endigi bilen ömür dowamlylygynyň arasynda göni arabaglanyşyk bolup biler. Alymlaryň geçiren barlaglary yzygiderli kitap okamagyň stres derejesini peseldýändigini, ýady gowulandyrýandygyny we uzak ömürlilige ýardam edýändigini görkezýär. Bu baradaky maglumatlary “National Geographic” žurnaly neşir etdi.
Amerikan psihoterapewti Zoi Şou kitap okamak bilen ömür dowamlylygynyň arabaglanyşygyny şeýle düşündirýär: – Siz kitaba gyzygyp gideniňizde, köplenç meditasiýa meňzeş “trans” ýagdaýyna girýärsiňiz we bu ýagdaý sizi (stresden) goraýar».
Bu nazaryýetiň esasy subuty hökmünde Ýel jemgyýetçilik saglygy goraýyş mekdebiniň geçiren ylmy işi görkezilýär. Barlagyň çäginde alymlar 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan uly bolan 3,5 müňden gowrak adama gözegçilik etdiler. Geçirilen synlamalar netijesinde, yzygiderli kitap okaýan gatnaşyjylaryň, kitap okamaýanlara garanyňda ortaça 23 aý has köp ýaşandygy anyklandy. Şunda adamyň bilim derejesi we akyl ukyplary (kognitiw ukyplary) bu görkezijä hiç hili täsir etmedi.
Bu prosesde okamagyň sosial-emosional täsirleri möhüm orun tutýar. Sagdyn garrylyk üçin jemgyýetçilik gatnaşyklary örän ähmiýetli hasaplanýar, edebiýat bolsa bu tejribäniň ornuny tutup bilýär. Sebäbi adam kitap okan wagty öz emosiýalaryny türgenleşdirýär we dünýäni başga biriniň gözi bilen görmegi öwrenýär. Mundan başga-da, kitap okamak ýekelik duýgusyny peseldýär. Alymlaryň pikiriçe, ýekelik duýgusy hem edil çilim çekmek ýa-da semizlik ýaly, wagtyndan öň ölmegiň esasy töwekgelçilikli faktorydyr.
Psihoterapewt Şou: – Okamak bir wagtyň özünde beýniniň birnäçe bölegini – üns, ýat we göz öňüne getirmek üçin jogapkär bolan gepleýiş zolagyny işe girizýär, bu bolsa wagtyň geçmegi bilen kognitiw goragy güýçlendirýär – diýip belleýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu prosesiň saglyga peýda berip başlamagy üçin günde bary-ýogy 10-30 minut kitap okamak ýeterlikdir.
PDF









