Ki­tap – ru­hy gym­mat­lyk, hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­ýan baý­lyk. Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň
yl­my, çe­per pub­li­sis­tik ki­tap­la­ry ýaş­lar üçin edep-ter­bi­ýe mek­de­bi­dir, hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­nyň we mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň çe­per be­ýa­ny­dyr. Çe­per­çi­lik ba­bat­da gül-çe­men­li bos­sa­ny, ün­del­ýän pä­him-pa­ra­sat ba­bat­da üm­mül­mez um­ma­ny ýat­lad­ýan bu aja­ýyp eser­ler giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­dir.
Ýa­kyn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň San­weý uni­wer­si­te­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň DIM-niň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­di.
Çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Ma­laý­zi­ýa­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lyp, oňa San­weý uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de bi­lim al­ýan türk­men ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.
Çä­rä­niň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň
Pre­zi­den­ti­niň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ki­ta­by San­weý uni­wer­si­te­ti­niň ki­tap­ha­na gaz­na­sy­na gow­şu­ryl­dy.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu ki­ta­byn­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň ede­bi mi­ra­sy, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na go­şan ägirt uly go­şan­dy, şa­hy­ryň ýu­bi­leý to­ýy bi­len bag­ly ýur­du­myz­da we dün­ýä­de ge­çi­ri­len çä­re­ler giň­den be­ýan edil­ýär.

Mu­ham­met­na­zar NA­ZA­ROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.