Kitap ynsanyň iň ýakyn dosty, maslahatçysy we syrdaşydyr. Ol adamyň ruhy baýlygynyň gorudyr.
Ynsan ömründe kitabyň tutýan orny örän uludyr. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. Adam durmuşda elmydama täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, täzelenişleriň, üýtgeşikligiň höwesinde ýaşaýar.
Kitabyň milletleriň taryhynyň we geçmişden galan pikir-düşünjeleriniň aýnasydygy mälim. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň döredijilik tejribelerini arkama-arka geçirýärler we şu günki nesillere iň dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Olar adamzadyň ruhy we durmuş tejribeleriniň saklanýan gorudyr, ýazuw gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr, geçen döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten bahasyz mirasdyr. Kitaplar ynsanlaryň ýaşap geçen ömrüniň we ýaşaýyş-durmuşynyň menzilleriniň her bir pursadyny häzirki döwrüň ynsanlaryna ýetirýärler.
Geçmiş mirasymyzda golýazma çeşmeleriniň, gadymy kitaplaryň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr, çünki bu gymmatlyklar şu toprakda ylmyň ösdürilendigini beýan edýär. Esasan hem, golýazma çeşmeleri türkmen topragynda gadymy kitaphanalaryň bardygyny, olarda örän köp kitaplaryň saklanýandygyny habar berýär. Bu golýazma çeşmelerinde beýan edilýän maglumatlaryň yzlaryny taryhy ýerlerimizde, arheologik tapyndylarda hem görmek bolýar. Ynha, Gadymy Merwde, Köneürgençde müňýyllyklardan galan binalarda kitaphanalaryň yzlary bar. Bu bolsa golýazma çeşmeleriniň gymmatly maglumatlaryndan habar berýär. Bütin Gündogarda hem-de dünýäde meşhur bolan şeýle kitaphanalarda alymlar bilim öwrenipdirler, gymmatly kitaplar bilen tanyş bolupdyrlar. Şeýle kitaphanalarda öwrenen ylymlaryndan peýdalanyp, alymlar şol döwürlerde dürli ugurlara degişli kitaplary hem ýazypdyrlar.
Ata-babalarymyz perzentlerine kitap okamagy, hat-ýazuwy öwrenmegi pugta sargar ekenler. Kitap okamagyň peýdasy hakynda aýdylan pendi-nesihatlar örän kän. Gyzyla gaplaýmaly ol pikirleriň her biri häzirki döwrümizde hem uly ähmiýete eýe. Kitap okalýan ýerde jemgyýet ösmek, kämilleşmek bilen bolýar. Taryhdan mälim bolşuna görä, kitaby köp okaýan jemgyýet dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döreýiş taryhy XIX asyryň ahyryna degişli bolup, 1991-nji ýylda ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, kitaphananyň taryhynda täze döwür başlanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda kabul eden №1073 kararyna laýyklykda kitaphana Millilik derejesi berilýär. Şunuň bilen baglanyşyklykda onuň wezipesi, işiniň mazmuny, ileri tutulýan ugurlary kämilleşýär. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy türkmen halkynyň neşir edilen medeni mirasyny aýawly saklamagyň mukaddes ojagydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek hakynda” 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde gol çeken 12981-nji Kararyna laýyklykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasy Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň hazynasy 5,6 mln. gowrak neşir birliklerinden ybarat bolup, jemi 17 sany bölüm hereket edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde elektron kitaphanalarynyň köpelmegi, olardaky edebiýatlaryň hem-de maglumatlaryň baýlaşmagy ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, dürli kärdäki hünärmenlere gerek bolan kitaplary we döwürleýin neşirleri okamaga mümkinçilik berýär. Ylmy we çeper edebiýatlar, metbugat eserleri kitaphanalarda jemlenilip, jemgyýetiň maglumat talaplaryny kanagatlandyrýar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap kitaphanalar ulanmaga berildi. Olaryň kitap gory baýlaşdyrylýar. Bu kitaphanalarda Milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan ajaýyp kitaplary okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar.

Enegül BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.