Kitaphana – adamzadyň toplanan maglumatlarynyň, döredijilik mirasynyň we ylmy çeşmeleriniň jemlenen mekanydyr. Ol diňe kitap saklanylýan ýer bolman, jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäni tanamaga, pikirlenmäni ösdürmäge hyzmat edýän medeniýet ojagy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem kitaphananyň jemgyýetdäki orny diňe bir medeni däl, eýsem, bilim, terbiýe, ruhy ösüş ugurlarynda hem örän möhüm bolup durýar.
Kitaphanalar kitaplar, ensiklopediýalar, ylmy makalalar, elektron çeşmeler we žurnallar arkaly dürli ugurdan maglumatlary toplap, jemläp halka ýetirýärler. Her bir adam özüne gerekli maglumaty kitaphanadan tapyp bilýär.
Okuwçylaryň, talyplaryň we alymlaryň ylmy işlerini taýýarlamaklarynda kitaphanalar möhüm ýer tutýar. Olar ylmy-barlag işlerini dürs we ygtybarly çeşmeler bilen üpjün edýär.
Kitaphanalar halkyň medeni mirasyny saklap galmaga, onuň nesilden-nesle geçmegine ýardam berýär. Nusgawy edebiýat, milli ýazuw mirasy we taryhy resminamalar hut kitaphanalarda jemlenýär.
Kitaphanalar ýaşlaryň okamak höwesini artdyrmaga, söz baýlygyny we düşünje giňişligini ösdürmäge goşant goşýar.
Kitap okamak adamda paýhasly pikiri, giň dünýägaraýşy we döredijilik ukybyny ösdürýär. Kitaphana bolsa bu mümkinçilikleriň ählisi üçin giň ýol açýar.
Kitaphana hemmeler üçin açyk mekandyr: çagalar, ýaşlar, uly ýaşlylar, alymlar we döredijiler. Her kategoriýa degişli maglumatlar tapylýar.
Kitaphanalar jemgyýetde bilimli, medeni, kitap okalýan atmosferany döredýär. Bu bolsa halkyň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir.
Sanly dünýäniň ösmegi bilen kitaphanalaryň işi hem kämilleşýär. Olar elektron kataloglar, onlaýn maglumat bazalary we sanly kitaplar arkaly häzirki zaman talaplaryna laýyk hyzmat berýär.
Elektron kitaphana ulgamynyň peýdaly taraplary köp. Bu kitaphanalar dürli görnüşde bolup, olaryň köpüsinde gerekli maglumatlary göçürip almak ýa-da onlaýn görnüşleri üçin ýörite programmalar hereket edýär. Käbir aýratynlyklarda gerekli maglumatlary göçürip almak şertleri düýbünden ulanylmaýar. Elektron kitaphana özüniň binýadynda ähli kitaplary, gündelik neşirleri, ylmy işleri elektron görnüşde saklaýar. Şonuň üçin olaryň gereklisini tiz wagtda, haýsydyr bir maglumat saklaýjy enjamlara göçürip alyp, soňra noutbuk ýa-da beýleki kompýuter gurluşlarynda ulanyp, amatly wagtda okamak mümkinçiligi uludyr.
Kitaphana – bilimiň, medeniýetiň we döredijiligiň özenini emele getirýän aýratyn ähmiýetli mekandyr. Onuň jemgyýetdäki roly diňe kitap saklamak bilen çäklenmän, adamlaryň pikir dünýäsini ösdürmäge, ýaş nesliň terbiýesine, ylmy barlaglaryň üstünlikli alnyp barylmagyna hem hyzmat edýär. Şonuň üçin kitaphanalary ösdürmek, olary döwrebap enjamlaşdyrmak we kitaphana medeniýetini giňden ösdürmek jemgyýetiň üstünlikli ösüşiniň möhüm şertidir.
Irina ZAÝNULINA,
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
PDF









