Halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy kitapdadyr. Kitaphanalar ruhy çeşmeleriň jemlenen köşkleridir. Halkyň, milletiň ruhy kämilligini, bilim derejesiniň ösmegini kitapsyz we kitaphanasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Ýurdumyzda kitaphana ulgamyny dünýä hil ülňülerinde kämilleşdirmek, kitaphana işgärleri we okyjylar üçin iň amatly şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy-da munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol kitap söýüjilerimiz bilen bir hatarda biziň – kitaphana işgärleriniň hem buýsanjyny artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen kitaphana ulgamynda uly özgertmelere badalga berildi. Şolaryň netijesinde ýurdumyzda döwrebap kitaphanalar gurlup, halkyň hyzmatyna berildi, elektron kitaphana ulgamyny kemala getirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Bu işleriň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda uly üstünliklere beslenip dowam etdirilýändigi guwandyryjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň kitaba bolan söýgüsini, höwesini artdyrmakda, ýurdumyzyň kitaphanalarynda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle kitaphanalaryň biri hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasydyr. Şu ýyl bu çagalar kitaphanasynyň esaslandyrylmagyna 90 ýyl bolýar. 1935-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda esaslandyrylan bu kitaphananyň 90 ýyllyk toýy mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 1983-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň halk artisti, görnükli dramaturg we jemgyýetçilik işgäri Bazar Amanowyň adyny göterýän Döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda kitaphanada kitap saklamak bölümi, edebiýatlary toplamak bölümi, edebiýatlary işlemek we kataloglaşdyrmak bölümi, usuly-bibliografiýa bölümi, mekdebe çenli çagalara we 1-3-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm, 4-12-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm we sungat bölümi hereket edýär. Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy hem işleýär.
Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwlet derejesinde ösdürilmegi, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, sungat ussatlarynyň hünär taýdan kämilleşmegi, täze zehinleriň ýüze çykmagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Täzegül AMANDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.