2-nji martda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи. Одкровення» atly ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä şahyrlar we ýazyjylar, umumy bilim berýän, aýdym-saz mekdepleriniň we döredijilik sungat birleşikleriniň mugallymlary, wekilleri we okuwçylary, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, şeýle-de şahyryň durmuş ýoluny we filosofiki garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen ukrain medeni işgärleriniň goşandynyň Türkmenistanda örän uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiwiň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandyklary aýratyn bellenildi
Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň beýanydygy bellenildi.