Kofede tapylan bir madda ýarymgeçirijileri çaltlaşdyryp biler. Bu açyşy Ýaponiýanyň önümçilik ylym we tehnologiýa institutynyň (AIST) hünärmenleri edipdir. Hünärmenler wakuum çökündisi atly prosesi ulanyp, organiki ýarymgeçirijiniň içindäki altyn elektrodyň üstünde kofe turşusyny emele getirdiler. Maglumata görä, bu ýarymgeçirijiniň geçirijilik ukybyny 100 essä çenli artdyrar. Gözlegiň netijesine görä, elektrodyň üstünde ýukajyk kofe turşusy emele gelensoň, kofe kislotasynyň molekulalary elektrodyň üstünde kadaly ýerleşip, ​​has çalt tok geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýapon hünärmenleri bu açyşyň oňyn netijesiniň bolup biljekdigine ynanýarlar. Bularyň arasynda biomassadan alnan materiallardan döredilip bilinjek doly durnukly organiki ýarymgeçiriji enjamlaryň ösüşi bar. Organiki ýagtylyk çykaryjy diodlar (OLED) we organiki Gün öýjükleri (OPV) ýaly organiki ýarymgeçirijiler eýýäm bar hem bolsa, bilermenler bu tehnologiýalary gaýtadan işlemegiň daşky gurşawa we deňiz ekoulgamyna ýetirýän täsirlerine ünsi çekýärler. Dolulygyna ösümlikden alyp bolýan kofe turşusynyň ulanylmagy ýarymgeçiriji önümçiliginde durnuksyz himiki serişdeleriň ulanylmagyny azaltmaga ýardam eder.

Ahmet Geldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.