Arheologlar Italiýanyň paýtagty Rimdäki gadymy Kolizeý amfiteatrynyň aşagynda gizlin däliziň üstini açypdylar. Uzynlygy 55 metre barabar bolan bu ötügiň amfiteatryň 70-nji ýyllarda gurulmagyndan has soňra – I we II asyrlarda gurlandygy çaklanylýar. Indi bolsa, bu ýerasty geçelge abatlanyp, halk köpçüligine açyldy. Tunel tribunalaryň aşagyndan geçip, Kolizeýiň günorta tarapyna çykýar. Şeýle hem tunel bilen gladýatorlaryň urşa taýýarlyk görýän “Ludus Magnus” atly türgenleşik mekdebine hem baryp bolýar. Däliziň diwarlary mermer bilen örtülipdir. Şeýle hem mifiki sahnalar suratlandyrylypdyr. Şeýle hem onuň girelgesinde doňzuň awlanmagyny, aýy uruşlaryny we akrobatik çykyşlary suratlandyrýan şekiller bar.
Asyrlaryň dowamynda dürli tebigy hadysalar, ýertitremeler zerarly zeper ýeten hem bolsa, gadymy teatr entägem Rim imperiýasynyň ajaýyplygyny görkezýän iň meşhur ymarat bolmagynda galýar.
PDF









