Bazar barlaglaryny geçirýän “Canalys” kompaniýasynyň maglumatyna görä, dünýäde kompýuter satuwy gaýtadan artyp başlady. Şu ýylyň birinji çärýeginde stoluň üstünde goýulýan, ýanyňda göterilýän we beýleki kompýuterleriň umumy satuwy 9,4 göterim artyp, 62,7 milliona ýetipdir. Bu bolsa, soňky 4 ýylyň iň ýokary görkezijisidir. Netijede kompýuter satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim artyk bolupdyr. Degişli döwürde diňe stoluň üstünde goýulýan kompýuterleriň satuwy 8 göterim ýokarlanypdyr.
Kompýuter satuwynda “Lenovo” öňdeligi eýeläpdir. Kompaniýa 15,2 million kompýuter satypdyr. Şeýlelikde, satylan kompýuterleriň 24,2 göterimi bu kompaniýanyň paýyna düşüpdir.
Ýerlenen kompýuterleriň bäşden biri (20,3 göterim) HP kompaniýasyna degişli bolupdyr. Bu kompaniýa 12,8 milliona golaý kompýuter satypdyr. Kompýuter satuwynda üçünji orny “Dell” kompaniýasy eýeläp, degişli döwürde 9,5 million kompýuter satypdyr. “HP”-niň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokary bolupdyr. Netijede kompaniýa global bazaryň 15 göterimini eýeläpdir. “Dell”-iň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 göterim ýokary bolupdyr. Dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýasy hasaplanýan “Apple” 4-nji orny eýeläpdir. Amerikan brendiniň satuwy 6,5 million bolup, dünýäde ýerlenen kompýuterleriň 10 göteriminden gowragyny emele getiripdir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 göterimlik artyş hasaba alnypdyr. Ilkinji bäşligi “Asus” kompaniýasy jemläpdir. Kompaniýa dürli görnüşdäki kompýuterleriň 4 milliondan gowrak görnüşini müşderilere iberipdir. Beýleki kompaniýalar bolsa jemi 14,6 milliondan gowrak kompýuter satypdyrlar.
Maglumatlar pandemiýanyň yzda galmagy bilen kompýuter satuwynyň artýandygyny görkezýär.

Laçyn Allaberenowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.