1996-njy ýylyň 10-njy fewralynda IBM kompaniýasynyň “Deep Blue” atly superkompýuteri ilkinji gezek bir adamy – sowet we rus küştçüsi, küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparowy (doglan wagtyndaky familiýasy Waýnşteýn) utýar.
1963-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda dünýä inen Kasparow 13 ýaşyndaka Sowet Soýuzynda küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky geçirilen ýaryşda çempion bolýar. 1985-nji ýylda heniz 22 ýaşynda wagty şol wagtlaryň meşhur küştçüsi Anatoliý Karpowy utup, dünýäniň iň ýaş çempiony bolýar. Soňky ýyllarda Kasparow kompýuter bilen birnäçe gezek küşt oýnap, şolaryň köpüsinde ýeňýär. 1997-nji ýylda Kasparow bilen has kämilleşdirilen “Deep Blue” kompýuteriniň arasyndaky jogap oýnunda ilki Kasparow, ikinji gezekde kompýuter utýar. Ondan soňky üç oýun deňlikde tamamlanýar. 2003-nji ýylda Kasparow başga bir kompýuter programmasy bolan “Deep Junior” bilen güýç synanyşýar. Bu oýun deňlikde tamamlanýar. Kasparow 2005-nji ýylda professional küşt karýerasyny ýapýar.