Ulanyşdan galan batareýalary çig mal hökmünde gaýtadan peýdalanýan “Redwood” kompaniýasy köne ýankompýuterlerden elektroulag batareýasyny öndürmek maksady bilen VW bilen şertnama baglaşdy. “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan we “Redwood”-a ýolbaşçylyk edýän Jibi Straubel bu hyzmatdaşlygyň batareýanyň özüne düşýän bahasyny arzanlatjakdygyny we logistika bolan zerurlygy azaltjakdygyny belledi. Straubel işläp taýýarlan tehnologiýasy bilen batareýalaryň düzümindäki nikel, kobalt, litiý we mis ýaly gymmatly materiallaryň 95 göterimini alyp biljekdiklerini aýtdy. Bu materiallarda elektroulag batareýalaryň önümçiliginde çig mal hökmünde peýdalanylar.
Geçen ýyl “Volkswagen” we “Audi” kompaniýalary ABŞ-daky şahamçalarynda ulanyş möhleti tamamlanan elektroulag batareýalaryny ýygnap, gaýtadan peýdalanmak üçin “Redwood” bilen ylalaşypdy.
“Volkswagen” ABŞ-da ulanyşdan galan elektron enjamlary ýygnamak üçin käbir şahamçalarynda ýörite sebetleri ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu sebetlere el telefonlary, kabelsiz elektron enjamlar, tokly diş çotgalary, kabelsiz gulaklyklar we beýleki litiý-ion batareýaly enjamlar taşlanar. Bu enjamlar gaýtadan peýdalanylmak üçin “Redwood” Newada ştatyndaky desgasyna äkidiler.
Mundan ozal “Redwood” kompaniýasy batareýa önümçiliginden emele gelýän zyňyndylary gaýtadan peýdalanmak üçin “Panasonic” ýaly batareýa öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edipdi.
Ýakup Gurbandurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









