Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dürli ugurlar boýunça Daşoguz welaýatynyň etraplarynda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere ýüz günlük önümçilik sapary guraldy. Saparyň çäklerinde sebitleriň dürli künjeklerinde ýerleşýän, türkmen halkynyň özboluşly çeper däp-dessurlaryny şöhlelendirýän durmuş-medeni, taryhy-arheologik, maddy we ruhy baýlyklary, köpdürli miraslary topladyk. Toplan gymmatlyklarymyz boýunça käbir maglumatlary ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde irki orta asyr arhitektura-arheologik we gadymy taryhy ýadygärlikleriň 100-den gowragy duş gelýär. Şolaryň biri hem Köne Was galasydyr. Orta asyr arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleriniň iň gadymylarynyň biri bolan Köne Was galasy Ruhubelent etrabynyň Zähmet geňeşliginiň Täze ýol obasynyň demirgazyk gündogarynda, Akdepe etrabynyň Nowruz geňeşliginiň Şasenem obasynyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň uly we meşhur ýadygärlikleriň biri bolan bu gala welaýat merkezinden 135 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Bu mukaddes topragyň şöhratly taryhy «Görogly» eposynda, «Nejep oglan», «Şasenem-Garyp» we «Ýusup-Ahmet» dessanlarynda duş gelýär. Bu künjekde X-XI asyrlarda matematika, astronomiýa ýaly ugurlarda bilim berýän ylym ojaklary gurlup, alymlar peýda bolupdyr. Ýurdumyzyň demirgazygynda iň gadymy we gür ilatly merkezleriň biri bolan bu ýaýlada bu günki gün 10 müň gektar ýer ekerançylyk we öri meýdanlar hökmünde giňden peýdalanylýar. Halkymyzyň arasynda «Oguzyň daş uruglarynyň öňi hem Was, soňy hem Was», «Guma gaçsaň Wasa gaç, kende gaçsaň Kyýata» diýen atalar sözi bu künjegiň gadymydygyny, giňdigini, ýaşaýyş medeniýetiniň irki Orta asyrlara degişlidigini aýdyň görkezýär. Welaýatyň iň giň, iň uzyn, iň çuň, iň köp tebigy we emeli suwaryş akabasy Was ýaýlasynda ýerleşmek bilen bu düzlükde köne guduklar, boýlar, ak öýli köşkler, çöketlikler köp duş gelýär. «Was» sözi «täjirleriň ortaky şäheri», «iň gadymy oturymly mekan» diýmegi aňladýar. Gadymy arheologik galanyň ini we boýy 300 metrden gowrak bölegi saklanyp galypdyr. Galada keramika, atyşhana we küňre yzlary duş gelýär.
Köne Was galasy geçmişde suw, ýag we dürli erginleri saklaýan gaplaryň, peýkamlaryň, naýzalaryň, atlara tirkelýän arabalaryň, sallançak esbaplarynyň, uzak aralyklara at çapdyrmak sungatynyň, kejebe bezegleriniň, zenan başgaplaryň taýýarlanylan iň irki nusgalarynyň ýasalan gadymy künjegi hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Galanyň gurluşygynda dürli reňklerdäki, agyrlykdaky we ululykdaky kerpiçler giňden peýdalanylypdyr. Gala köpburçly we köptoplumly binagärçilik ansambly ýadyňa salýar. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen merkezleriniň biri hasap edilen Köne Was galasynyň töwereginde 20-ä golaý irki Orta asyr arheologik, arhitektura ýadygärlikleriniň hatary ýerleşýär. Soňky 100 ýylda Köne Was galasyna üç gezek toplumlaýyn ylmy ekspedisiýalar guralypdyr. Köne Was galasyny ylmy taýdan öwrenmekde N.Gullaýewiň, Ý.Atagarryýewiň, B.A.Nikonowyň, M.E.Massonyň, S.Atanyýazowyň hyzmatlary uludyr.
Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
PDF









