Käbir adamlar birnäçe dilde gepläp bilýän hem bolsa, käbiri başga dil öwrenmekde kynçylyk çekýär. Käbir adamlar 10 dilde, hatda 30 dilde düşünişip bilýän adamlar hem bar. Dil öwrenmegiň ýaşlykda has ýeňil bolýandygy aýdylýan hem bolsa, köp dilli adamlar ýaşy ulalandan soňra hem täze dil öwrenýärler. Dil öwrenmek kyn hem bolsa, onuň peýdasy hem az däl. Bilermenler beýnä maşk etdirmegiň iň gowy ýolunyň täze bir dil öwrenmekdigini belleýärler. Bu ýagdaý ýatkeşligi güýçlendirýär.

Bilermenleriň bellemeklerine görä dil adamyň hüý-häsiýetiňe, hereketleriňe-de täsir edip bilýär. Geçirilen barlaglara görä, köp dilli adamlaryň gepleýän diline görä hereketini üýtgedýändigi hem anyklanypdyr. Şeýle hem her diliň adamda başgaça ýatlamalary ýatladýandygy hem ýüze çykaryldy. Mysal üçin, rus ýazyjysy Wladimir Nabokow awtobiografiýasyny ýazanda munuň şeýledigine göz ýetiripdir. Ol ilki özi baradaky eserini iňlis dilinde ýazypdyr. Soňra ony ene diline terjime edende, öz durmuşyndaky başga zatlar ýadyna düşüpdir. Netijede, terjime edýän kitabynyň mazmunyny üýtgedip aýratyn eser döretmeli bolupdyr. Soňra bolsa, ony hem iňlis diline terjime edipdir.

Geçirilen barlaglaryň birinde başga medeniýetdäki adamlaryň arasynda baranda, olar bilen çalt alyşýan adamyň täze dili öwrenmäge hem ökdedigi anyklanypdyr. Bilermenleriň bellemeklerine görä, ýanyňyzdakylara näderejede gowy öýkünip bilýän bolsaňyz, dili hem çalt öwrenersiňiz.

Bilermenler täze dil öwrenilende şol dili ene diliňiz ýaly öwrenmegi maksat edinmeli däldigini, esasy zadyň gepiňizi düşündirip bilmekdigini belleýärler.

Durdy Agaýew,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.