Fran­si­ýa­nyň Reýms şä­he­rin­dä­ki ady­bir yba­dat­ha­na köp san­ly heý­kel­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Bu ka­şaň yma­rat 1208-1311-nji ýyl­lar­da V asyr­da gur­lan has ir­ki yba­dat­ha­na­nyň ýe­rin­de gu­rul­dy. Ymarat Ýew­ro­pa ta­ry­hy­nyň iň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň kö­pü­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Or­ta asyr­lar­dan XIX asy­ra çen­li bu ga­dy­my bina äh­li fran­suz pa­ty­şa­la­rynyň di­ýen ýa­ly täç ge­ýýän ýe­ri bo­lup­dyr. Reýms bi­na­gär­li­giň ýe­ten iň be­lent de­re­je­si ha­sap­lan­ýar. Onuň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem dik çy­zyk­la­ryň has köp gö­ze il­me­gi we fa­sad­la­ry be­ze­ýän 2303 sa­ny aja­ýyp heý­ke­liň bol­ma­gy­dyr. Heý­kel­le­riň ara­syn­da iň meş­hu­ry şä­he­riň ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len «ýyl­gyr­ýan pe­riş­de­dir». Binanyň uzyn­ly­gy 138 metre, umu­my meý­da­ny 6650 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar. Ikin­ji gat­da­ky be­ýik pen­ji­re­ler, sü­tün­ler di­ňi ta­mam­la­ýar­lar. Kom­po­zi­si­ýa­nyň geo­met­rik we es­te­ti­ki mer­ke­zi äpet gül pen­ji­re­si­dir. Ybadathananyň gur­lu­şy­gyn­da we heý­kel­ler­de, esa­san, lu­te­ti­ýa hek da­şy ula­ny­lyp­dyr. Has ýum­şak we gö­ze­nek­li heý­kel­le­ri ýa­sa­mak üçin dü­zü­min­de kal­sit bo­lan has dy­kyz daş­lar­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.
1991-nji ýyl­dan bä­ri ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Reýms dün­ýä­niň iň köp su­ra­ta dü­şü­ril­ýän we sy­ýa­hat edil­ýän aja­ýyp ýer­le­riň ara­syn­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär.