Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy dün­ýä­niň köp ilat­ly şä­her­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Mag­lu­mat­da dün­ýä­niň iň köp ilat­ly şä­her­le­ri­niň sa­na­wy be­ril­ýär. Sa­naw­da il­kin­ji ge­zek In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta öň­de­li­gi eýe­le­di. Şä­he­riň ila­ty­nyň 42 mil­lio­na go­laý­dy­gy mä­lim edil­di. Bang­la­de­şiň Dak­ka şä­he­ri 36,6 mil­li­on ila­ty bi­len ikin­ji bol­dy. Köp ýyl­dan bä­ri bu sa­naw­da bi­rin­ji or­ny eýe­län To­kio bol­sa, iki bas­gan­çak aşak dü­şüp, üçün­ji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­pon paý­tag­ty­nyň 33,4 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bar. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty Nýu-De­li­niň ila­ty 30 mil­li­on­dan geç­ýär. Hy­ta­ýyň ke­nar­ýa­ka Şan­haý şä­he­ri 29,6 mil­li­on ýa­şaý­jy­sy bi­len il­kin­ji bäş­li­ge gi­rip­dir. Guanç­žou (27,6 mil­li­on, Hy­taý), Ka­ir (25,6 mil­li­on, Mü­sür), Ma­ni­la (24,7 mil­li­on, Fi­lippin­ler Respublikasy), Mum­baý (24,6 mil­li­on, Hin­dis­tan) we Pe­kin (23,2 mil­li­on, Hy­taý) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.

Gülaýym AMANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.