Hytaýyň BYD kompaniýasy Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Pauluda 616 ýolagça niýetlenen “SkyRail” (asman otlusy) atly otlyny işe girizdi. Awtoulag öndürijisi ýakynda Braziliýadaky San-Paulu metrosynyň 17-nji Altyn liniýasynda üstünlikli synag geçirdi. BYD-nyň we direktorlar geňeşiniň başlygy Wan Çuanfu otlynyň hereketini öz ýerinde synagdan geçirdi.
BYD kompaniýasy tarapyndan gurlan bu taslamanyň umumy uzynlygy, takmynan, 6,7 kilometre barabardyr. “Asman otlusy” kompaniýanyň “Yun” atly tehnologiýasy esasynda gurlup, her biri 5 wagondan ybarat bolan 14 sany otly toplumy öz içine alýar. Şeýle hem otlularda maýyplar üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulypdyr. Täze liniýanyň resmi açylyşy 2026-njy ýyla meýilleşdirilip, her günde 100 müň ýolagçyny gatnatmaga mümkinçiligi bar.
“SkyRail” taslamasy beýleki iki metro liniýasy bilen birleşdiriler, bu bolsa San-Paulunyň ulag ulgamyny ep-esli gowulandyrar we şäher ilatynyň gatnawyny has amatly eder. «BYD Brazil SkyRail»-iň tehniki direktory Aleksandr Barbosa bu taslamanyň Braziliýada jemgyýetçilik ulagynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, kompaniýanyň innowasiýa arkaly ekologiýa taýdan arassa şäher ulagyny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.