19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy we «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
«Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Myhman şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Şu ulgamda ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.
Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Myhman hormatly Prezidentimize «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan öňdengörüjilikli syýasatynyň, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigi bellenildi. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda daşary ýurtlaryň, şol sanda rus kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesi netijeli ulanylyp bilner. Russiýanyň kompaniýalary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.
Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda «Rönesans Holdinge» birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen «Marykarbamid» zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp ösüş ýolundan ynamly barýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary netijelidigine tüýs ýürekden buýsanýar.
Döwlet Baştutanymyz «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewürliginiň, şol sanda türk işewür toparlarynyň wekillerini işjeň çekmegiň Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şol strategiýa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak hormatly Prezidentimize täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, türkmen tarapynyň esasy we hökmany talaplaryna işewüriň ünsüni çekdi. Şol talaplar gurluşygyň alnyp barlyşynyň tertibini hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň şertnamada bellenilen möhletlerini pugta berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda hemme işleriň ýokary hil derejesinde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.
Işewür döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan türkmen döwletiniň kuwwatyny we abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge «Rönesans Holdingiň» geljekde-de gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk hem-de birkemsiz ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.