6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

Myh­man wagt ta­pyp du­şu­şan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de di­ňe bir Ýer ýü­zü­niň dep­gin­li ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­man, eý­sem, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy ha­sap­lan­ýan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da bo­lup gör­mek müm­kin­çi­li­gi­ne örän şat­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­nym Ami­na Mo­ham­me­di mü­bä­rek­läp, BMG-niň ýol­baş­çy­la­ry­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ne­ti­je­li we oňyn gep­le­şik­le­ri alyp bar­ma­ga uly is­leg bil­di­ril­ýän müm­kin­çi­lik hök­mün­de çy­kyş ed­ýän BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de söh­bet­deş­ler köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy hem-de gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar, dür­li ugur­lar­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len tas­la­ma­la­ryň on­lar­ça­sy şol hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le-de, 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­niň çäk­le­rin­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň müm­kin­çi­li­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. On­da be­ýan edi­len we­zi­pe­ler Türk­me­nis­ta­ny 2052-nji ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen mö­hüm mak­sat­la­ra hem-de we­zi­pe­le­re la­ýyk gel­ýär.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, dur­nuk­ly ösü­şe, Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­mak bi­len, ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, sag­ly­gy go­ra­ýyş, dur­muş hem-de beý­le­ki ul­gam­lar­da hä­zir­ki dö­wür­de äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len çy­kyş eden­di­gi nyg­tal­dy. Şol baş­lan­gyç­lar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ryn­da be­ýa­ny­ny tap­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Türk­me­nis­ta­nyň ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li mil­li we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­tap, türk­men ta­ra­py­nyň äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, se­riş­de­le­ri oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly bü­tin adam­za­da da­hyl­ly wa­jyp me­se­le­le­riň çö­zül­me­gin­de iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di.
Ha­nym Ami­na Mo­ham­med tu­tuş adam­za­dyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bit­le­ri­ne we BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ky­bap gel­ýän däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne öz we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­ren­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň stra­te­gik taý­dan mö­hüm ugur­lar­da hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra mun­dan beý­läk-de iş­jeň gat­naş­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry, BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça to­pa­ry­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän ha­nym Ami­na Mo­ham­med bi­rek-bi­re­ge oňat ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, uzak möh­let­le­ýin, öza­ra yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan oňyn gat­na­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.