15-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli Prezident Li Je Mýonuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy, bu sebitiň ýadro ýaragyndan azat saklanmagy, taryhy gapma-garşylyklara garamazdan Ýaponiýa bilen goňşy döwlet hökmünde hyzmatdaşlygy ösdürmek, galyberse-de şu ýylyň üçünji çäriýeginde Koreýa Respublikasynda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk Sammitini (APEC) ýokary derejede geçirmek babatda koreý tarapynyň görýän taýýarlyk işleri ýaly meseleleri aýratyn belläp geçdi.
Çäräniň çäginde Ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýonuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirildi.
Onuň dowamynda Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Döwlet Baştutanyna ýollanan baýramçylyk mynasybetli gutlaglary we mähirli salamlary ýetirdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon öz gezeginde iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.