25-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
PDF









