Kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasy kosmos giňişliginden Ýeri gönüden-göni internet bilen üpjün edýän taslamany durmuşa geçirýär. “Starlink” atly taslamanyň çäklerinde kompaniýa häzire çenli ýüzlerçe kiçi antennanyň Ýeriň aşaky orbitasyna iberdi. Indi bolsa kompaniýa ýene-de 7500 sany “Starlink” emeli hemrasyny kosmosa goýbermek üçin rugsat aldy. ABŞ-nyň Federal Aragatnaşyk Komissiýasynyň beren rugsatnamasy global internet hyzmatyny giňeltmegine mümkinçilik berer.
Kompaniýa “ikinji nesil” diýlip atlandyrylýan we 29 müň 988 emeli hemradan ybarat bolan “Gen2 Starlink” tory üçin rugsat sorapdy. Bu taslamanyň çäklerinde uçuryljak emeli hemralar internete elýeterliligi bolmadyk ýa-da çäkli bolan ýerlerde üznüksiz we ýokary tizlikli interneti üpjün eder.
“SpaceX” taslamasynyň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri 49 gezek kosmosa uçuş amala aşyrylyp, her saparda 53 antenna uçuryldy. Häzirki wagtda Ýeriň aşaky orbitasynda 3 müň 500-den gowrak “Starlink” antennasy bar. Täze berlen rugsatnama bilen olaryň sany 12 müň töweregi bolar.
Suraý Guljanowa, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









