«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy kos­mos­dan in­ter­net hö­dür­le­mek üçin giň ge­rim­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Go­laý­da kom­pa­ni­ýa «Ama­zon Leo Ult­ra» at­ly iş ýer­le­ri­ne ni­ýet­le­nen kos­mos ter­mi­na­ly­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu en­jam 1 Gb/s tiz­lik­de in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýär. Bu gör­ke­zi­ji «Star­link» in­ter­ne­tin­den has ýo­ka­ry tiz­lik diý­me­gi aň­lad­ýar. Kom­pa­ni­ýa en­ja­myň dür­li ho­wa şert­le­ri­ne çy­dam­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ulu­ly­gy 50x75x5sm öl­çe­gin­de bo­lan en­jam «Ama­zon» ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan si­li­kon çip­ler we sig­na­ly gaý­ta­dan iş­le­ýän ösen al­go­ritm­ler bi­len üp­jün edi­lip­dir.
Ter­mi­nal, esa­san, eda­ra-kär­ha­na­lar we kyn tebigy şert­le­r­de iş­le­ýän­ler üçin ni­ýet­le­nen­dir. Hä­zir­ki wagt­da «Star­link» kos­mos in­ter­ne­ti dün­ýä­niň köp ýe­ri­ne ýaý­ran.

Selbi SÖÝÜNOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.