Soňky ýyllarda Ýeriň orbitasyna ýerleşdirilen kiçi emeli hemralar arkaly hödürlenýän internet hyzmatynyň gerimi barha giňeýär. Häzirki wagtda bu ugurda Ilan Maskyň ýolbaşçylyk edýän “SpaceX” kompaniýasy öňdeligi eýeleýän hem bolsa, başga taslamalar hem durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamany elektron söwda ulgamynda iş alyp barýan “Amazon” hem ýola goýmagy maksat edinýär. “Project Kuiper” atly taslamanyň çäklerinde ilkinji synag maksatly emeli hemrasyny şu ýylyň birinji çärýeginde kosmosa uçurylar.
“United Launch Alliance” kompaniýasynyň “Vulcan Centaur” raketasy bilen Ýeriň aşaky orbitasyna iberiljek emeli hemralar has ýokary tizlikli interneti üpjün eder. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin, ilkinji nobatda, 83 raketa uçurylar. Raketalar ululygy we tehniki aýratynlygy babatda 3 görnüşli bolar. Bu taslamanyň 5 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
Orazgeldi Annageldiÿew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









