Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ýokary derejede ösmegi bölek söwdanyň elektron usulda aňsatlyk bilen tölenmegine mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda harytlar ýa-da hyzmatlar üçin edilýän tölegler nagt ýa-da bank kartlary arkaly däl, eýsem mobil enjamlar, elektron gapjyklar ýa-da internet arkaly islendik enjamyň üsti bilen töläp bolýar. Onlaýn töleg etmek hyzmatyny telekommunikasiýa kärhanalary hem hödürleýär. Dünýäniň öňdebaryjy telekommunikasiýa kompaniýalarynyň biri bolan AT&T tölegiň täze görnüşi bolan kriptopullar babatda okuw sapagyny berer. Bu okuw sapaklarynda kriptopullaryň hödürleýän hyzmatdaşlygy we töwekgelçilikleri barada maglumat berler. Bu okuw sapaklary tölegiň bu görnüşiniň häzirki tehnologiýa bilen utgaşdyrylmagyny maksat edinýär. Okuw sapaklaryny bu ugurdaky bilermenler alyp barar. Iýul aýynyň ahyrynda başlajak sapaklar “Sanly emläkleriňizi şu gün we ertir gorag astyna alyň! diýlip atlandyrylar. Bu sapakda innowasiýa üçin howpsuzlygyň ähmiýeti barada maglumat berler.
Gülbahar Allamyradowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi, ikinji derejeli ýurist.