Krosswordyň soraglary

1. Çöpi gözenek çyzyklaryň üstünden aşyryp oýnalýan gadymy milli oýun.
2. Erkek dogan, gardaş.
3. Eşret, şatlykly döwran, sapaly çag.
4. Parahatlyk, asudalyk.
5. Alaşowhun, alagopgun.
6. Agasy bar bolan.
7. Süýümden işilen ýogyn ýüp, urgan, kement.
8. Çekilýän ejir, görgi.
9. Towşanyň çagasy
10. Alada edýän, ünji edegen.
11. Hakykata laýyk gelýän, dürs, talabalaýyk.
12. Ar-namysy bilmeýän, binamys, adamkärçilik mertebesi pes, ygrarsyz.
13. Käbedäki keramatly çeşme, onuň suwy.
14. Guýrugy, ýaly ak, çypar at.
15. Gury sowuk, şatlama aňzak.
16. Baýram, toý.
17. Aw guşuny çagyrmak, albaý bulamak.
18. Ýere iň ýakyn asman jisimi, hereketi boýunça Ýeriň ýeke-täk tebigy hemrasy.
19.
20. Hiç zatdan doýmaýan, nebisli.
21. Küştdäki ak mallar.
22. Aýagy daňlan, erksiz.
23. Dok däl, maňzy doluşmadyk şänik.
24. Oglana dakylýan at.
25. Setanda-seýranda, käwagt, örän seýrek.
26. Ýuka ganatly ýa-da ganatsyz, topar bolup ýaşaýan owunjak möjejik
27. Gaýtargy, etmiş üçin berilýän jeza.
28. Et, sogan goşulyp, jöwenden bişirilýän, taýynlanýan nahar
29. Döwürleýin neşirlere ýazylyşyk.
30. Mümkin boldugyça, ýagdaýyna garap azda-kände.