Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz ösen sport ulgamyna eýe bolan, halkara derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşýan ýurt hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar.
Türkmenistanda ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, türkmen sportuny dünýä çykarmaga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Ähli sport ugurlary bilen bir hatarda küşt sportuna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda küşt we şaşka mekdepleri hereket edýärler. Türkmen küştçüleri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýaňy-ýakynda Şri-Lankada küşt boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Oňa gatnaşan 110 türgeniň arasynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medalyň eýesi boldular.
Türkmen küştçüleriniň bu üstünligi 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda 16-18-nji iýun aralygynda Aşgabatda geçirilen halkara küşt ýaryşy üçin özboluşly sowgat boldy.
Küşt oýny sportuň iň bir gyzykly oýunlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, paýhas oýny hem hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda hem küştçüler ussat tälimçileriň sapak bermeginde ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdeplerinde ýetişdirilýär.
Her ýylyň 20-nji iýulynda «Halkara küşt güni» (International Chess Day) dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1924-nji ýylda döredilen FIDE – Bütindünýä Küşt Federasiýasynyň «Halkara küşt gününi» bellemek baradaky kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra 1966-njy ýyldan bäri her ýyl bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda birnäçe uly halkara küşt ýaryşlary geçirilýär. Olaryň arasynda: çalt we blits dünýä çempionaty we beýleki ýaryşlar bar. Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony hindistanly Dommaraju Gukeşdir.
Küşt oýnunyň sportuň beýleki görnüşlerinden aýratynlygy erkekleriň we zenanlaryň ýaşyna garamazdan yzygiderli türgenleşip, ýaryşlara gatnaşyp bilmekleridir. Küşt oýnunyň akylly-paýhasly bolmaga, ruhubelentligi goldamaga ýardam etmek bilen ýatkeşligi, giň göwrümliligi, ünslüligi, eserdeňligi, adamkärçilik terbiýelerini bermäge bolan kömegi bimöçber uludyr.
Küşt oýnunyň taryhy örän gadymy hasap edilýär. Birnäçe müň ýyl ozal adamlar ýönekeýje tagtalary ýasap, onuň ýüzünde çyzyklar we öýjükler emele getirip, belli bir kada esasynda oýunlar döredipdirler.
Öýjüklerde ýa-da çyzyklaryň kesişýän ýerinde daşjagazlar, agaç ownuklary goýlup, ilkinji şaşka oýny döräpdir. Elbetde, ol düşnükli, ilkinji oýunlar ýönekeý görnüşde bolupdyr. Tagtanyň ýa-da ýerde döredilen meýdançanyň üstünde oýnalýan oýunlaryň, başda hemmesi hem örän ýönekeý bolupdyr. Şonuň üçin hem küşt oýny gadymy hem bolsa, şeýle oýunlaryň beýleki oýunlardan has soň dörändigini bu ugurda iş alyp baran adamlar, alymlar subut edipdirler.
Şeýle oýunlaryň taryhynyň mundan, takmynan, 4000 ýyl öňdügine gadymy Müsür piramidasynyň diwarlaryndaky şekiller esas bolup biler. Hytaý oýunlarynyň biriniň şol wagtky dörän aýdymlarynyň sözlerinde hem küşt barada maglumatyň bardygy anyklanypdyr. Hindistanda dörän diýlip hasap edilýän küşt oýny 2000 ýyldan hem öň dörändir diýlip hasap edilýär. Aziýadan soňra küşt oýny Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Elbetde, oýnuň ilkinji düzgünleri üýtgeýär, kämilleşýär. Küşt oýnunyň ösüşinde esasy döwür XVI asyr bolupdyr.
Ysmaýyl ORAZNUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.