Häzirki wagtda maşgala toýlarynda, ýurdumyzyň uly baýramçylyk dabaralarynda ýa-da dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilende halk döredijiliginiň şahyrana görnüşi bolan küştdepdi tansy ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz bilen bile ýaşap gelýän küştdepdilerimiz häzirki wagtda täze gazallaryň owazyna depilýär. Ol gazallarda ajaýyp zamanamyz, eşretli durmuşymyz, ýurdumyzyň gözellikleri, dünýä sary uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz, mukaddes söýgi buýsanç bilen wasp edilýär.
Halkymyzda ýöne bir saz çalnyp ýa dep kakylyp küşt depilibermeýär. Munuň üçin ýörite gazal aýdylýar. Özi-de diňe küştdepdi üçin niýetlenen gazallar. Şol gazallarda halkyň ýürek sesi, begenji we hal-ýagdaýy öz beýanyny tapýar. Küştdepdi tansynyň hereketleri-de dürli manylara eýedir. Bu bolsa ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri sungaty, edebiýaty hemra tutunyp gelipdirler diýip aýtmaga esas döredýär.
2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr.
Guwançbaý AGAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.