Iýmit we ýaşaýyş jaýy adamzat durmuşy üçin gerek bolan ilkinji zerurlyklar hasaplanýar. Adamlaryň ýaşaýan ýeri barada gürrüň gozgalanda, adaty ýaşaýyş öýi göz öňüňe gelýär. Emma dünýäniň birnäçe ýerinde dürli tebigy şertlerde – sowukda, yssyda, dagyň depesinde, suwda… ýaşaýan adamlar hem bar. Daşyndan seredeniňde howply we mümkin bolmajak derejede görünýändigine garamazdan, ýaşaýjylar üçin bu adaty zat. Geliň, kyn tebigy şertleri bolan ýaşaýyş merkezleri bilen tanyş bolalyň!
Ponte-Wekko, Italiýa. Arno derýasynyň üstünde ýerleşýän Ponte-Wekko Florensiýanyň iň meşhur köprüsi hasaplanýar. XIV asyrda gurlan bu köpri dürli maksatlar üçin ulanylyp gelnipdir. XX asyrda köpriniň üstünde söwda öýleri, naharhanalar we hyzmat ediş öýleri peýda bolup başlaýar. Häzirki wagtda köprüde söwda dükanlary bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Ponte-Wekko ýurduň milli sungat binasy hasaplanýar.
Kliff, Hytaý. Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda ýerleşýän Kliff obasy gaýanyň üstünde we dagyň eteginde gurlan täsin binagärligi emele getirýär. Oba ýaşaýjylary gaýalaryň gyrasyndaky basgançaklardan ýöräp öýlerine barýarlar. Ýerden ýokary galyp gidýän agaç basgançaklar 2016-njy ýylda polat basgançakly ýodalar bilen çalşyrylýar.
Çong Khneas, Kamboja. Kambojanyň demirgazyk-günbataryndaky süýji suwly Tonlesap kölünde ýüzýän oba bar. 1997-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan biosfera goraghanasy hökmünde bellenen bu oba balykçylaryň mesgeni hasaplanýar. Berilýän maglumatlara görä, ýüzýän obanyň 5 müňden gowrak ýaşaýjysy bar. 3000 inedördül kilometr meýdany tutýan kölde 200-den gowrak balyk görnüşi ýaşaýar.
Ýakutsk, Russiýa. Arktik tegelegiň 450 kilometr günortasynda ýerleşýän Ýakutsk resmi taýdan dünýäniň iň sowuk şäheri hasaplanýar. Şäherdäki howanyň temperaturasy gyş aýlarynda ortaça -44 derejede saklanýar. Şäherdäki ýaşaýjylar gyşky möwsümde günüň 4 sagadyny işleýärler we galan wagty öýde bolýarlar. Ýakutskyň, takmynan, 300 müň ýaşaýjysy bolup, ilat dag-magdan käni bilen meşgullanýar. Şäherde awtoulag gatnawy seýrek bolup, ilat ýörite awtobuslardan peýdalanýar.
Matmata, Tunis. Demirgazyk Afrikanyň kiçijik şäheri bolan Matmata bu yklymyň iň gadymy we durky saklanyp galan binagärligi hasaplanýar. Matmata paýtagt şäher Tunisden 30 kilometr uzaklykda, Sahara çölüniň iň çetinde ýerleşýär. Bu ýerdäki jaýlaryň gurluşygynda agaç ýa-da daş ulanylman, toprak gatlaklary oýulyp ýasalypdyr. Jaýlaryň gapylary, penjiresi we basgançaklary hek bilen aklanypdyr. Şäheriň 4 müň töweregi ýaşaýjysy bolup, zeýtun ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Matmata binagärliginiň «Ýyldyz söweşleri» (1970ý) filminde myhmanhana hökmünde suratlandyrylmagyndan soň, tutuş dünýä meşhur bolýar.
Kober Pedi, Awstraliýa. Günorta Awstraliýanyň demirgazygynda, çölüň içinde ýerleşýän Kober Pedi dünýäniň opal (gymmat bahaly daş, element) paýtagty hökmünde häsiýetlendirilýär. Kober Pediniň ýaşaýjylary yssy ýa-da sowuk howa şertlerinde ýerasty penjiresiz jaýlarda we gowaklarda ýaşaýarlar. Şeýlelik bilen olar howa şertiniň täsirlerinden goranýarlar. Şäherçäniň 2 müň ilaty bar.
PDF









