UEFA Çempionlar Ligasynyň liga tapgyrynda-da duşuşan 2 klubuň çärýek finaldaky 1-nji oýnunda “Barselona” topary öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasyndan” bu gezek 4-0 hasabynda üstün çykdy. Liga tapgyryndaky duşuşykda-da katalonlar 3-2 hasabynda ýeňipdi. Bu gezekki oýunda ýer eýeleri erjel oýun görkezdi. 1-nji ýarymda, has takygy, 25-nji minutda Rafinýa hasaby açdy. Ol Kubarsiniň uran urgusynda topa soňky pursatda, top çyzygy geçip ýetişmänkä çalaja galtaşyp, goly öz adyna ýazdyrdy. Bu onuň şu möwsümdäki 12-nji goly bolup, ol 11-nji goluny geçirende,  bir möwsümde iň köp salan braziliýaly futbolçy adyny alypdy. Onuň 7 asisti hem bolup, ol bir möwsümde 10-dan köp gol geçiren we 5-den köp asist eden ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

“Barselona” topary 2-nji ýaryma-da gol bilen başlady. Dortmundlylaryň düzümine 4 ýyl oýnan polşaly Robert Lewandowski 48-nji hem-de 66-njy minutlarda tapawutlanyp, ozalky klubuny ýene bir ýola gynandyrdy. Lewandowskiniň şu wagta çenli “Borussiýa Dortmundyň” derwezesinden geçiren gollarynyň sany 28 oýunda 29-a ýetdi. “Borussiýa Dortmund” onuň iň köp geçiren klubudyr. UÇL-däki 104-nji we 105-nji gollaryny salan Lewandowskiniň “Barselonadaky” gollarynyň sany 99 boldy. Galyberse-de, Lewandowski 3 dürli topar bilen Çempionlar Ligasynyň bir möwsüminde 10 we 10-dan köp gol geçirdi. Lewandowski şu möwsümdäki gollarynyň sany 11-e ýetip, ol bu ugurda topardaşy Rafinýa bilen bäsleşýär.

Duşuşygyň 77-nji minutynda bolsa Lamin Ýamal tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 4-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” topary ýarym finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. “Barselona” topary şu ýyla geçip, ýeke gezek hem utulmady. 23 oýundan bäri (19 ýeňiş, 4 deňlik) ýeňilmän gelýän Hansi Fligiň şägirtleri soňky gezek geçen ýylyň dekabrynda “Atletikodan” asgyn gelipdi.

Jogap duşuşygy 15-nji aprelde Dortmund şäherindäki “Westfalen” stadionynda geçiriler.