Aýdym-saz äleminiň abraýly baýraklarynyň biri bolan MTV Video baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Nýu Ýorkda geçirilen dabarany meşhur aýdymçy LL Cool J alyp bardy. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada Sabrina Karpenter, Riki Martin, Post Malone, Mariah Kareý, Leýdi Gaga, Doja Cat, Papoose, Sombr, Aleks Warren, J Balvin, DJ Snake, Busta Rhymes ýaly aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri öz ilhalar aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Dabarada ýylyň şekilli aýdymy baýragyna Ariana Grandeniň “Brighter Days Ahead” atly aýdymy laýyk görüldi. Onuň bu aýdymy iň gowy pop urgy boýunça-da ýeňiji diýlip yglan edildi. Meşhur aýdymçy Leýdi Gaga dabaranyň iň köp baýrak gazanan aýdymçysy bolup, ol 4 ugurdan heýkeljikleri eýelemegi başardy. Tanymal aýdymçy 12 ugurdan dalaşgärlige hödürlenipdi. Ýylyň sungat işgäri saýlanan Leýdi Gaganyň Bruno Mars bilen aýdan “Die with a Smile” atly aýdymy iň gowy bilelikde ýerine ýetiriş, şeýle-de, onuň “Abracadabra” atly aýdymy iň gowy režissýor we iň gowy sungat režissýory ugurlaryndan öňe saýlandy.

Rose bilen Bruno Marsyň bilelikde aýdýan “Apt.” atly aýdymy ýylyň aýdymy diýlen ugurda MTV Video baýraklarynyň heýkeljigini gazandy. Aleks Worren iň gowy täze sungat işgäri baýragyna mynasyp boldy. Tanymal aýdymçy Sabrina Karpenteriň iň gowy pop aýdymçy diýlip saýlandy. Onuň “Short n’ Sweet” atly aýdymlar ýygyndysy iň gowy albom baýragyna laýyk görüldi. Koreýleriň meşhur aýdym-saz topary “Blackpink” bu baýraklaryň çäginde 6-njy gezek iň gowy topar diýlip saýlandy. Şeýle-de, “Coldplay” toparynyň “All My Love” aýdymy iň gowy rok, Megan Moroneýiň “Am I Okay?” aýdymy iň gowy kantri, Doechii-niň “Anxiety” aýdymy iň gowy hip-hop, Şakiranyň Soltera aýdymy iň gowy latyn, Lisanyň Doja Cat we Raye bilen bilelikde aýdan “Born Again” aýdymy iň gowy k-pop baýraklaryna laýyk görüldi.

Dabarada Riki Martin 30 ýyllyk karýerasy üçin Latyn ikony baýragy bilen sylaglandy.