UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalda bir hepde öň Lissabonda “Sportingi” Kai Hawertsiň 90-njy minutdan soň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňen “Arsenala” ýarym finala çykmak üçin şol ýeňiş ýeterlik boldy. Londondaky duşuşykda iki tarap hem, esasan-da, myhmanlar amatly pursatlary döretselerem hasap açylmady. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 1-0 hasabynda üstün çykan “Arsenal” bassyr 2-nji, umumylykda-da 4-nji gezek ýarym finalda çykyş eder. Olaryň ýarym finaldaky garşydaşy “Atletiko Madrid” topary bolar.