Litwada üç sany täze harp peýda boldy. Ýurduň parlamenti Litwanyň elipbiýinde bolmadyk Q, W we X ýaly “standart” latyn harplary pasportlarda ulanmaga rugsat berdi. Munuň ilki bilen daşary ýurtly ýanýoldaşlarynyň familiýasyna geçmek isleýän litwaly raýatlara kömek etjekdigi öňe sürülýär. – Bu köp babatda, şeýle-de, howpsuzlyk syýasaty taýdan diýseň möhüm ädim. Emma hemme zatdan öňürti bu adam mertebesi – diýip, Litwa mejlisiniň başlygy Wiktoriýa Çmilite Nilsen aýtdy.