9-njy ýanwarda, Liwanyň parlamentiniň wekilleri uzak wagtdan soň, goşun serkerdebaşysy Jozef Auny Prezident saýlady. Bilermenler ozal onuň dalaşgärliginiň Liwandaky ähli syýasy güýçlere laýyk gelýändigini belläp geçipdiler. Mundan başga-da, Liwanyň esasy ýaranlary ABŞ we Saud Arabystany hem Auny ileri tutulýan dalaşgär hökmünde baha berdiler.
Birinji tapgyrda Jozef Aun ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 86 sesi alyp bilmedi. Ol parlamentiň 71 agzasynyň goldawyny aldy. Ikinji tapgyrda Auna 99 deputat ses berdi.
Prezident wezipesi Liwanda 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan bäri boş durdy. Şol döwürde, 2016-njy ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk eden Mişel Aunyň ygtyýarlyk möhleti gutarypdy. Soňky iki ýylda döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär kesgitlemek üçin 10-dan gowrak synanyşyk edildi.
Liwanda Prezidentiň giň ygtyýarlyklary bar. Täze Prezident köp ýyllyk ykdysady çökgünlikden soň ýurdy dolandyrmakda kyn meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aun öz çykyşynda özüniň saýlanmagy bilen ýurduň taryhynda täze eýýamyň başlanýandygyny mälim etdi.
Liwan Respublikasy Ýakyn Gündogarda, Ortaýer deňziniň gündogar kenaryndaky daglyk ýerde ýerleşýän ýurt. Gündogarda we demirgazykda Siriýa, günortada Ysraýyl bilen serhetleşýär. Paýtagty Beýrut. Liwanyň ilaty takmynan 5,3 million adam. Ýurt 1943-nji ýylda Garaşsyzlyga eýe bolýar.