Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” tapgyryň merkezi oýnunda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Arsenaly” Soboslainiň 83-nji minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda 1-0 ýeňip, ýeňişli ýörişini dowam etdirdi. “Mançester Siti” myhmançylykda “Braýtondan” edil geçen möwsümde bolşy ýaly, Holannyň goly bilen öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňildi. “Braýtona ýeňiş getiren gollary Jeýms Milner (67 p) bilen Gruda (89) geçirdi. “Mançester Ýunaýted” bolsa kynlyk bilenem bolsa “Börnli” toparyndan 3-2 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary Kallen (27 ö.d.), Mbemo (57) hem-de Bruno Fernandeş (90+7 p) geçirdi. Londonyň klublary “West Ham” bilen “Kristal Palas” toparlary myhmançylykda degişlilikde “Nottingam Forest” bilen “Aston Willany” 3-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Londonyň başga bir topary “Tottenham” bolsa öz meýdançasynda “Bornmutdan” Ewanilsonyň 5-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňildi. London derbisinde “Çelsi” “Fulhamdan” 2-0 hasabynda üstün çykdy.

3-nji tapgyryň netijeleri: Çelsi – Fulham: 2-0, Wulwerhempton – Ewerton: 2-3, M. Ýunaýted – Börnli: 3-2, Sanderland – Brentford: 2-1, Tottenham – Bornmut: 0-1, Lids – Nýukasl: 0-0, Braýton – Man. Siti: 2-1, N. Forest – West Ham: 0-3, Liwerpul – Arsenal: 1-0, A. Willa – K. Palas: 0-3.