Angliýanyň çempiony “Liwerpul” topary esasan hem “Premier Ligada” ýowuz günleri başdan geçirýär. Soňky 14 duşuşygynda 9 gezek utulan toparda tälimçi Arne Slot bilen klubuň ýyldyzy Mohamed Salahyň arasyna uly tow düşdi. Soňky oýunlarda meýdança hem çykarylmaýan müsürli ýyldyz oýunçy metbugata beren beýanatynda ýakyn günlerde klubdan gitmek ähtimallygy barada agzap geçdi. Ol tälimçi bilen hiç hili meselesiniň ýokdugyny aýdyp, ýöne soňky wagtlarda näme bolandygyna özüniň hem düşünmeýändigini, bolan hiç hili wakanyň hem ýokdugyny, muňa garamazdan, meýdança çykarmaýandygyny gürrüň berdi.
Toparyň ýolbaşçylarynyň käbirleri, şol sanda tälimçi Salahyň bu beren beýanatyny jogapsyz goýmadylar. Netijede, ýyldyz oýunçyny öňümizdäki duşuşyklaryň düzüminden çykardylar. “Liwerpulyň” “Intere” garşy myhmançylykda Salahsyz oýnar.
Salah “Liwerpulda” 9-njy möwsümini başdan geçirip, ol şu wagta çenli 420 oýunda 250 gol saldy.
PDF









