Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy. Myhmançylykda “West Hamy” Isakyň 60-njy hem-de Gakponyň 90+3-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňen “Liwerpul” 2 oýundan soň ýeňşini baýram etdi. Bu olaryň soňky 8 duşuşykdaky 2-nji ýeňşi boldy.

Tapgyryň merkezi oýnunda, London derbisinde “Çelsi” bilen “Arsenal” duşuşyp, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 38-nji minutda ýarymgoragçysy Kaisedo gyzyl alan “Çelsi” 48-nji minutda Çalobanyň goly bilen öňe saýlandy. “Arsenal” bu gola 59-njy minutda Mikel Merinonyň goly bilen jogap berdi.

“Mançester Siti” öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedi” 3-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 90-njy minutdan soň ýeňiş gazanan ýer eýeleriniň gollaryny Foden (1, 90+1) bilen Gwardiol (25), myhmanlaryň gollaryny bolsa Kalwert-Lýuwin (49) hem-de Nmeça (68) geçirdi.

Myhmançylykda “Kristal Palas” bilen duşuşan “Mançester Ýunaýted” garşydaşynyň 1-nji ýarymda Žan-Filip Matetanyň penaltiden geçiren goly esasynda öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. “Mançester Ýunaýted” toparyna ýeňiş getiren gollary 54-nji minutda Zirkzee bilen 63-nji minutda Maunt geçirdi.

“Nýukasl” myhmançylykda “Ewertondan” 4-1 hasabynda üstün çykyp, oýunda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Tiaw (2), Maýli hem-de Woltemade geçirdi. Öz meýdançasynda ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän “Tottenham” topary London derbisinde “Fulhamdan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Myhmanlaryň gollaryny 4-nji minutda Tete bilen 6-njy minutda Wilson geçirdi. Ýer eýelerinden Kudusyň 59-njy minutdaky goly ýeňşe ýetmedi. 4-nji orunda barýan “Aston Willa” öz meýdançasynda henizem ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Wulwerhemptony” Kamaranyň 67-nji minutdaky goly esasynda 1-0 utdy.

“Premier Ligada” 14-nji tapgyryň duşuşyklary 2-3-4-nji dekabrda oýnalar.

 

13-nji tapgyryň netijeleri:

Brentford – Börnli: 3-1

Mançester Siti – Lids: 3-2

Sanderland – Bornmut: 3-2

Ewerton – Nýukasl: 1-4

Tottenham – Fulham: 1-2

Kristal Palas – Mançester Ýunaýted: 1-2

Aston Willa – Wulwerhempton: 1-0

West Ham – Liwerpul: 0-2

Nottingam Forest – Braýton: 0-2

Çelsi – Arsenal: 1-1