26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow London gazna biržasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hogget hem-de Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) Ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde ählumumy maýa goýum akymlarynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem britan hyzmatdaşlary bilen amaly ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de infrastruktura we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uzakmöhletleýin maýa goýumlaryny çekmegi giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistan Beýik Britaniýa bilen amaly ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtda gurluşyk, senagat, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda iş alyp barýan britan maýasyna gatnaşýan takmynan 30 kärhana hasaba alyndy. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn depginde ösýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy durnukly maliýeleşdiriş, bank ulgamy, audit, ätiýaçlandyryş hem-de sanly çözgütler ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.